Ysykkölüň daglarynda Merkezi Aziýada iň uly dag-lyža kurorty gurulýar

  • 26.01.2026 12:05
  • 3.8k+

Gyrgyzystanyň Ysykköl oblastynyň Ak-Suu raýonynda «Ala-Too Rezort» atly ägirt uly dag-lyža toplumynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu toplumyň her ýylda iki milliona çenli syýahatçyny kabul etmeklige mümkinçiligi bolar diýip, Sputnik Gyrgyzystan neşiri habar berýär.
Gurluşygyň birinji tapgyrynda işler Žyrgalan, Boz-Uçuk we Ak-Bulak sebitlerinde alnyp barylýar. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow mundan ozal «Ala-Too Rezort» toplumyny halkara derejeli we ýylboýy işleýän kurorta öwürmegiň meýilleşdirilýändigini aýdypdy. Tebigy we emeli garyň utgaşdyrylmagy netijesinde, bu toplum ýylyň ýedi aýynda hyzmat edip biler.
«Ala-Too Rezort» döwlet kärhanasynyň direktory Žarkynbek Maksutowyň sözlerine görä, şu ýylyň dekabr aýynda dag-lyža bazasyny we alty sany kanat ýoluny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu taslama Russiýanyň hyzmatdaşlary, şol sanda Altaýdaky «Manžerok» kurortynyň hünärmenleri hem gatnaşýarlar.
Taslamanyň çäginde takmynan 250 kilometr lyža ýoluny çekmek, etno-oba, sagaldyş toplumlaryny we myhmanhana düzümlerini gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm bu ýerde 20 ýurtdan gelen türgenleriň gatnaşmagynda friraýd boýunça halkara ýaryşy hem geçirildi.
Taslama ýolbaşçylarynyň berýän bahasyna görä, täze kurort Russiýadan, Ýewropadan, Hytaýdan we GDA ýurtlaryndan geljek syýahatçylaryň arasynda uly islegden peýdalanar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......