Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady

  • 15.01.2026 21:31
  • 7.7k+

Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär.

Taslamany programma işi girizilen pursatyndan alty ýylyň dowamynda, ýagny 2032-nji ýyla çenli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
GR Space-iň esaslandyryjysy Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň uçurymy Skaýler Çandyr. Ol Tesla-da tejribelik geçen döwründe kosmos programmalarynyň, esasan, döwlet edaralaryna gönükdirilendigine we giň köpçülik üçin elýeterli däldigine üns berýär. Onuň pikiriçe, Aý syýahaty bu ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biler.
Kompaniýada Çandan başga-da ýene bir işgär işleýär. Muňa garamazdan, startap eýýäm Y Combinator maýa goýum toparyndan başlangyç maliýe serişdelerini çekmegi başardy.

«Men biziň, hakykatdan hem, planetanyň çäginden çykyp biljek wagtymyz doguldym we bu adamyň häzirki wagtda edip biljek iň ähmiýetli zady bolsa gerek» — diýip, Çan belleýär.

Taslama Aýda ýaşaýyş modullaryny tapgyrlaýyn gurmagy göz öňünde tutýar. Ilkinji görkeziş uçuşy 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär: Aýa gurluşyk materiallaryny we çişirilýän konstruksiýalary barlamak üçin 10 kilogramlyk modul iberiler. 2031-nji ýylda çişirilýän moduly Aý jaýrygynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. 2032-nji ýyla çenli kompaniýa bron etmek üçin eýýäm elýeterli bolan dört adamlyk ilkinji ýaşaýyş modulyny gurmagy göz öňünde tutýar.
Geljekde GRU Space, esasan, ýerli materiallary ulanyp, doly derejeli Aý myhmanhanasyny gurmagy maksat edinýär. Soňlugy bilen bu shema Marsda hem durmuşa geçirilip bilner. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......