Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

  • 09.02.2026 18:55
  • 10k+

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär.
Suwuň reňki ýagtylygyň fizikasyna we onuň düzümine baglydyr. Suw az mukdarda bolan wagty reňksiz görünýär, ýöne deňizlerde we köllerde ol gök bolup görünýär. Munuň sebäbi, suwuň molekulalarynyň ýagtylygyň uzyn tolkunlaryny, ilkinji nobatda, gyzyl tolkunlary özüne siňdirip, gysga – gök tolkunlary yzyna serpikdirmegidir. Reňke minerallar, çäge, läbik we organiki maddalar ýaly garyndylar hem täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, ýokary durulyk elmydama doýgun gök reňki aňlatmaýar, ýöne ol arassalygyň möhüm görkezijisi hasaplanýar.
Alymlaryň pikiriçe, dünýäniň iň dury süýji suwy Täze Zelandiýanyň Nelson-Leýks milli seýilgähinde ýerleşýän Rotomairewenua (Gök köl) kölüdir. Suw we atmosfera gözlegleriniň milli institutynyň (NIWA) 2011-nji ýyldaky barlaglary bu ýerde suwuň aşagynda 80 metre çenli çuňlugy görüp bolýandygyny görkezdi. Bu bolsa arassa suw üçin iň ýokary çäk diýen ýalydyr. Şeýle üýtgeşik durulyk suwuň buzluk gatlaklary arkaly tebigy usulda süzülip geçmegi bilen düşündirilýär. Maori halky üçin bu köl mukaddes hasaplanýar.
Deňizleriň arasynda bolsa Antarktida kenarlaryndaky Ueddell deňzi rekord eýesi hasaplanýar. 1986-njy ýylda geçirilen barlagda Sekki diski (durulygy ölçemek üçin gural) 79 metr çuňlukda görnüpdi. NASA-nyň 1970-nji ýyllardan bäri umman reňkini öwrenýän hemra maglumatlaryna görä, iň uly we goýy gök suwlar Ýuwaş ummanyň günorta bölegindäki Günorta-Ýuwaş umman aýlawynda ýerleşýär. Bu ýer ýaşaýyş konsentrasiýasynyň örän pesdigi sebäpli, «umman çöli» diýlip atlandyrylýar.


25.04.2026 12:45
4.1k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

23.04.2026 18:16
8.3k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....

04.02.2026 12:04
10k+

Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar...

30.01.2026 20:25
4.4k+

Indoneziýada mundan beýläk pil münmek gadagan: bu jandara zeper ýetirýär

World Animal Protection guramasynyň saýtynda berilýän habara görä, Indoneziýanyň häkimiýetleri ähli tebigat goraghanalarynda we syýahatçylyk desgalarynda pile münüp gezelenç etmegi gadagan etdiler.  Bu baradaky resmi hat eýýäm 2025-nji ýylyň ahyrynda çap edilipdi...