Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

  • 25.04.2026 12:45
  • 4.2k+

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni çärelere, muzeýlere hem-de restoranlara barar ýaly wauçer alyp biler.

Euronews habar gullugynyň mälim etmegine görä, bu başlangyç rugsat berilmeýän ýerlerde zibilleriň taşlanmagy bilen baglanyşykly meselä garşy göreşmäge gönükdirilendir. Şeýle zibilleri arassalamak üçin çykdajylar 2025-nji ýylda 13,1 million ýewro ýetdi.

Visit Berlin syýahatçylyk agentligi bu taslamany paýtagtyň abadanlaşdyrylmagyna goşan goşantlary üçin şäheriň myhmanlaryna «aýratyn täsirleri» hödürlemek mümkinçiligi hökmünde häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlary gözlemek işleri işjeň alnyp barylýar. Şunda suw serişdeleri bilen baglanyşykly guramalar ileri tutulýar, sebäbi bu mowzuk 2026-njy ýylda syýahatçylyk üçin esasy ugur bolar. Maksatnamanyň doly tanyşdyrylyşy maý aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär.

Bu pikir Daniýanyň tejribesinden alyndy, ol ýerde 2024-nji ýyldan bäri CopenPay taslamasy üstünlikli işleýär. Geçirilen barlaglar adamlaryň dynç alyş wagtynda täze endiklere has açyk bolýandygyny görkezýär: Daniýanyň maksatnamasyna gatnaşyjylaryň 70%-i ekologiýa taýdan has arassa durmuş ýörelgesine eýerip başlady.

Guramaçylar Berliniň bu başlangyjynyň diňe bir şäheriň arassa bolmagyna kömek etmän, eýsem syýahatçylarda daşky gurşawa jogapkärli garaýşyň kemala gelmegine hem ýardam eder diýip umyt edýär.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......