Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

  • 23.04.2026 18:16
  • 8.4k+

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder.

Ortasy ak asman mawy öwüşgini sebäpli bu güle «mawy gözler» hem diýilýär.

2026-njy ýylda ösümlikleriň sany 5 milliona ýetirildi, bu bolsa Miharaşi baýyrlygynda aýaklaryňyzyň aşagynda «mawy asman» täsirini döredýär. Tokiodan iki sagatlyk uzaklykda ýerleşýän bu seýilgäh, şu möwsümde syýahatçylar üçin iň meşhur ugurlaryň birine öwrüldi. Näzik güller baýyrlyklaryň ýüzüni mawy düşek ýaly örtüp, ýakymly keşbi emele getirýär.

Gülleme döwrüniň iň ýokary nokady, adatça, aprel aýynyň ahyryna gabat gelýär. Bu döwür Ýaponiýadaky «Altyn hepdelik» — ýurduň içinde işjeň syýahat edilýän wagt bilen gabatlaşýar. Seýilgähiň administrasiýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, ösümlikler apreliň ahyryna çenli öz gözelligini saklaýarlar, 10-njy maýdan başlap bolsa olaryň reňki kem-kemden solup başlaýar.

Ibaraki prefekturasyndaky nemofila gülleriniň meşhurlygy häzirki wagtda sakuranyň gülleýşi bilen bäsleşýär. Her ýyl müňlerçe adam bu «çäksiz asman» öýkünmesini öz gözi bilen görmek üçin bu ýere gelýärler. Tokio bilen amatly ulag gatnawy seýilgähi bir günlük gezelençler üçin ajaýyp mekana öwürýär.

«Express» neşiriniň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylda Ýaponiýa dünýäniň iň gowy syýahatçylyk ugry diýlip ykrar edildi. Pikir soraşma gatnaşan syýahatçylaryň agramly bölegi bu ýurdy soňky on ýyldaky dynç alyş üçin iň oňat döwlet diýip atlandyrdy. Ýylyň iň köp barylýan şäherleriniň üçlügine döwrebap megapolis bolan Tokio, medeni merkez Kioto we ýurduň aşpezlik paýtagty bolan Osaka girdi.


25.06.2026 23:36
5.4k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......