Indoneziýada mundan beýläk pil münmek gadagan: bu jandara zeper ýetirýär

  • 30.01.2026 20:25
  • 4.5k+

World Animal Protection guramasynyň saýtynda berilýän habara görä, Indoneziýanyň häkimiýetleri ähli tebigat goraghanalarynda we syýahatçylyk desgalarynda pile münüp gezelenç etmegi gadagan etdiler. 
Bu baradaky resmi hat eýýäm 2025-nji ýylyň ahyrynda çap edilipdi. Balidäki «Meýson» piller seýilgähi ýurtda bu hyzmaty hödürleýän iň soňky ýerleriň biri bolup galypdyr. 2026-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda, häkimiýetleriň resmi duýduryşlaryndan soň, bu seýilgähde hem şeýle hyzmat ýatyryldy. 
Talaby berjaý etmeýän guramalara iş rugsatnamalarynyň yzyna alynjakdygy duýduryldy.
Alymlar we haýwanlary goramak boýunça hünärmenler piliň üstüne münüp gezmegiň haýwanyň saglygy üçin zyýanlydygyny tassyklaýarlar. Haýwanlary üstünde adam götermäge mejbur etmek üçin köplenç agyryly we stresli tälim beriş usullary ulanylýar. Bu bolsa olaryň tebigy häsiýetlerini çäklendirýär we uzak wagtlyk fiziki hem-de psihologik zeper ýetirip bilýär. Gezelençleriň bes edilmegi pilleriň öz kowumdaşlary bilen gatnaşmak, otlamak we suwa düşmek ýaly tebigy endiklerine has köp wagt sarp etmegine mümkinçilik berýär.


25.04.2026 12:45
4.1k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

23.04.2026 18:16
8.3k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....

09.02.2026 18:55
10k+

Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär...

04.02.2026 12:04
10k+

Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar...