Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

  • 04.02.2026 12:04
  • 10k+

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär.
Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar. Gazna Beýik Britaniýanyň içindäki syýahat çykdajylaryny töleýär, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edýär we 200-den 400 funt sterlinge çenli (275 – 550 dollar) iş hakyny berýär.
Saýlanyp alnan meýletinçiler adada ýazyň, tomsuň ýa-da güýzüň dowamynda birnäçe aýlap ýaşap bilerler. Olaryň wezipesi — Gyzyl kitaba girizilen guşlary sanamakdan ybarat. 
«Ada birnäçe bölekden durýar, Gün batmazdan takmynan iki sagat öň olara aýlanyp görmeli» diýip, adanyň işgäri Rob Nott iş tertibini düşündirýär. Onuň aýtmagyna görä, işgärler aýlanyp,  kliker-hasaplaýjylarynyň kömegi bilen ýerdäki, deňizdäki we howadaky guşlaryň hemmesini sanap çykýarlar.
Geçen ýyl Skomerde rekord derejede — 43 626 sany Fratercula guşlary sanaldy. Ekologlar munuň sebäbini iýmitiň bolçulygy we ýyrtyjylaryň ýoklugy bilen düşündirýärler.
Meýletinçiler guşlaryň bu görnüşinde başga-da, uly göwrümli deňiz guşlary bolan burewestnikleri,  gagarkalary, kaýralary we demirgazyk düwlenlerini sanaýarlar.
«Ýazyna esasy üns höwürtge gurýan deňiz guşlarymyza berilýär. Tomusda esasy üns jüýjeleriň öndürijiligine gönükdirilýär, güýzüne bolsa işimiz çal düwlenleri we käbir beýleki görnüşleri, şol sanda Skomer okislerini, süýrenijileri, kit görnüşlileri we gijeki kebelekleri gözegçilikde saklamakda jemlenýär» — diýlip, wezipäň beýanynda aýdylýar.
Şeýle-de, meýletinçiler adanyň gündelik işlerine kömek etmeli we bu ada gelýän syýahatçylary garşylamaly. Skomer ýylda 25 müňe golaý myhmany kabul edýär, emma adanyň hemişelik ýaşaýjysy ýok. Bu ýerde dükanlaryň hem ýokdugy sebäpli meýletinçiler iýmitlerini we gerek-ýarak zatlaryny öz ýanlary bilen getirmeli bolýarlar.


18.05.2026 15:03
8.8k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

17.05.2026 10:14
6.4k+

Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar....

16.05.2026 13:25
5.3k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

16.05.2026 10:30
2.7k+

Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar....