Dublin 2026-njy ýylda ýekelikde syýahat edýänler üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip atlandyryldy

  • 17.01.2026 14:47
  • 4.9k+

Dublin 2026-njy ýylda ýekelikde syýahat edýänler üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip kesigitlenildi. Irlandiýanyň paýtagty Travelers' Choice Awards reýtinginde birinji orna mynasyp boldy. Sanaw Trip Advisor tarapyndan çap edildi.

Seljermelerde şäheriň taryhy binagärligi we baý edebi mirasy dostlukly atmosfera bilen utgaşdyrýandygy bellenilýär. Şeýle hem, şäheriň pyýada hereket etmek üçin oňaýlydygy nygtalýar. Bu bolsa bir günde birnäçe ähmiýetli ýerleri görmäge mümkinçilik berýär.
Maslahat berilýän owadan ýerleriň arasynda şäheriň merkezi hasaplanýan Keramatly Patrik ybadathanasy, Dublin galasy we Triniti kollejiniň şäherçesi bar.
Dublinde köp sanly muzeýler hem bar. Olaryň käbirine, mysal üçin, Çester Bitti muzeýine mugt girip bolýar. Hödür edilýän aşpezlik teklipleri býujetleriň islendik görnüşine laýyk gelýär.
Şäheriň 43 sany Mişlen ýyldyzly restoranlarynyň haýsy-da bolsa birinde tagam menýusyny dadyp görmek ýa-da ömrüňizdäki iň süýji balykly tagamy hem çipsleri iýmek üçin paba baryp bilersiňiz diýip, maglumatda belleýärler.
Dublin şeýle hem balykçylar obasy bolan Houta bir günlük syýahatlar üçin oňaýly başlangyç nokady hasap edilýär.
2026-njy ýylda ýekelikde syýahat etmek üçin dünýäde iň gowy 10 şäher:

  • • Dublin (Irlandiýa);
  • • Berlin (Germaniýa);
  • • London (Angliýa);
  • • Santýago (Çili);
  • • Edinburg (Şotlandiýa);
  • • Nýu-Ýork (ABŞ);
  • • Hanoý (Wýetnam);
  • • Madrid (Ispaniýa);
  • • Bali (Indoneziýa);
  • • Keýptaun (Günorta Afrika).

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......