Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi

  • 01.02.2026 15:42
  • 3.6k+

2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär.
2026-njy ýylda bu görkezijini 68 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
Ministriň aýtmagyna görä, geçen ýyl ýurda 64 million syýahatçy geldi. «Türk syýahatçylygy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem dünýä derejesinde hem täsirli güýje öwrüldi» diýip, Ersoý bu hakda aýratyn belledi.
Ol UN Tourism guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Türkiýäniň 2017-nji ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň sany boýunça dünýäde sekizinji orunda durandygyny, 2024-nji ýyla çenli bolsa dördünji orna çenli göterilendigini ýatlatdy. Pudakdan gelýän girdejileriň derejesi boýunça ýurt 2017-nji ýyldaky 15-nji orundan 2024-nji ýylda ýedinji orna çykdy.
Ersoý Türkiýedäki syýahatçylygyň eýýämden bäri diňe bir deňiz we plýaž dynç alşy bilen çäklenmeýändigini hem nygtady. Sebitler syýahatlaryny medeni, dini, tebigy, ekologik, arheologik, sagaldyş, gastronomiýa, kongres-sergiler, gyşky we beýleki ugurlar boýunça hem barha giňeldýärler. 


14.05.2026 16:06
3.2k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.2k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....