Nirede uçar güýçli titreýär: bilermenler turbulentlik has ýokary bolan awiaugurlary kesgitledi

  • 23.01.2026 11:47
  • 5.6k+

2025-nji ýylda turbulentligiň has ýokary bolan awiaugurlary Aziýa bilen Günorta Amerikanyň üstünden geçýän gatnawlar boldy. Onuň sebäbi bu sebitleriň relýefi we howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle maglumatlar dünýäniň 550 sany iň uly howa menziliniň arasynda 10 müň töweregi ugry seljeren Turbli portaly tarapyndan berilýär.

Turbulentlik derejesine howa «tüweleýleriniň» emele geliş we dargama tizligi boýunça baha berildi. «Titreme», esasan, dag sebitleriniň üstünde hem-de temperaturanyň we çyglylygyň birden üýtgeýän zolaklarynda, mysal üçin, gury ýerden suwly ýere geçilende ýüze çykýar.
Turbulentlik derejesiniň iň ýokary bolan ugry ýene-de Argentinanyň Mendosa şäheri bilen Çiliniň Santýago şäheriniň arasyndaky uçuş boldy. Ýoluň uzynlygy 196 km bolup, ol Andlaryň üstünden geçýär. Bu ýerde daglar howanyň güýçli aýlanyp başlamagyna sebäp bolýar. Bu ugur bir ýyl ozal hem sanawda birinji bolupdy.
Ikinji orny Hytaýdaky Sinin – Inçuan, üçünji orny Çendu – Sinin gatnawy eýeledi. Şeýle-de, bäşlige Argentinanyň Kordowa, Boliwiýanyň Santa-Krus-de-la-Sýerra şäheri bilen Santýagonyň arasyndaky gatnawlar, HHR-däki we Demirgazyk bilen Günorta Amerikanyň ýurtlaryndaky içerki gatnawlar girdi.
Ýewropada turbulentlik derejesi pes. Iň «titreýän» ugur Nissa – Ženewa boldy. Onuň yzyndan Nissa – Marsel we Nissa – Bazel gelýär. Şeýle-de, onluga Milan – Lion, Nissa – Sýurih, Milan – Sýurih, Ženewa – Wenesiýa, Bergen – Oslo we Bergen – Tronheým girdi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......