Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy

  • 29.12.2025 00:16
  • 6.2k+

Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir.

Muzeýiň binasynyň taslamasy dünýä belli binagär Norman Foster tarapyndan taýýarlandy. Binanyň görnüşi çarwa däpleriniň we tebigata bolan sarpanyň nyşany bolan laçynyň ganatlaryndan ylham alnyp döredildi. Muzeýde 1500-e golaý taryhy gymmatlygyň (artefaktyň) görkezilýän alty sany hemişelik galereýasy bar. Ekspozisiýa bürünç asyrynyň ýelkenli gämisiniň rekonstruksiýasyndan başlap, 1971-nji ýylda esaslandyrylan häzirki zaman döwletiniň gazananlaryna çenli bolan 300 000 ýyllyk taryhy döwri öz içine alýar.
Muzeýiň bir bölegi wagtlaýyn sergiler üçin niýetlenendir. Binanyň golaýynda Şeýh Zaýediň 1918-nji ýyldan 2004-nji ýyla çenli dowam eden ömür ýoluny yzygiderli beýan edýän "Al Masar" bagy ýerleşýär. Muzeý esasan maşgala bolup gelýänler we bilim alýan ýaşlar üçin niýetlenen.
Täze muzeýiň açylmagy Saadiýat adasynyň medeni we dynç alyş merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Bu ýerde eýýäm Luwr Abu-Dabi we Tebigat taryhy muzeýi hereket edýär, şeýle hem Guggenhaým muzeýiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar.


düýn 08:38
3.3k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...

16.12.2025 16:17
6.4k+

BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar

Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär...