BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar

  • 16.12.2025 16:17
  • 6.5k+

Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär.

Asmanda pirotehniki we lazer dronlary bilen birlikde 2300-den gowrak dron hereket eder. Olar innowasion feýerwerkler we lazerler bilen birleşip, uly yşyk şekillerini döreder.
Baýramçylyk şüweleňiniň iň ýokary derejesi sagat 00:00-da taryhda iň uly ýeke feýerwerkiň atylmagy bolar.
Şu ýyl çäräniň konsepsiýasy emirligiň güýjüni, täzelenişini we ösüş ruhuny alamatlandyrýar. Bu maksatnama ýerli ýaşaýjylary we syýahatçylary çekmäge gönükdirilýär.
Sagat 14:00-da Al-Hamrada janly aýdym-saz, tigirli garbanyşhanalar we karnawal güýmenjeleri bilen mugt maşgala festiwaly başlar. Esasy ýarygijedäki feýerwerkden öň 20:00-da Korniş-al-Kawasimiň kenarynda ýene bir feýerwerk bolar.


23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......