Iň datly tagamlary bolan ýurtlaryň sanawy bilen tanyş boluň

  • 31.01.2026 16:16
  • 7.3k+

World Population Review portaly ýylyň netijeleri boýunça dünýä ýurtlarynyň iň lezzetli we iň datsyz milli aşhanalarynyň reýtingini çap etdi. Bu gezek datly tagamyň muşdaklarynyň sanawynda Gresiýa birinji orna çykdy.

Reýting dünýäniň 99 ýurdunyň milli tagamlary baradaky 400 müňe golaý şahsy synlara esaslanyp düzüldi. Her ýurda 0-dan 5-e çenli bal boýunça 2025-nji ýyl üçin jemleýji baha berildi.
Gresiýa 4,6 bal toplap, geçen ýylky lider bolan Italiýany bary-ýogy 0,01 bal bilen yzda galdyrdy.

  1. Gresiýa — 4,6 bal
  2. Italiýa — 4,59 bal
  3. Meksika — 4,52 bal
  4. Türkiýe — 4,5 bal
  5. Ispaniýa — 4,5 bal

Bellenilişi ýaly, ilkinji onlugyň düzümi düýpli üýtgemedi, ýurtlar diňe özara orunlaryny çalyşdylar.
Geň ýeri, reýtingi düzenler gazak we ermeni aşhanalaryndan o diýen kanagatlanmandyrlar. Bu ýurtlar 3,9 bal bilen degişlilikde 92-nji we 93-nji orunlary eýelediler.
Sanawyň iň soňky, ýagny 99-njy ornunda 3,86 ortaça bal bilen Nikaragua ýerleşdi. Ondan birneme ýokarda bolsa Laos, Boliwiýa we Nigeriýa (hersine 3,88 bal) ýerleşýärler.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......