Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

  • 04.02.2026 14:55
  • 15k+

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi.

Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy. Attraksionyň iň ýokary tizligi sagatda 250 kilometre ýetýär.

Edil şonuň ýaly, Iron Rattler iň beýik eňňitli attraksion hökmünde ykrar edildi.  

Spitfire attraksiony bolsa başaşak agdarylmaly attraksionlaryň arasyndaky beýikligi boýunça rekord goýdy.
Täze seýilgäh Er-Riýadyň golaýynda ýerleşýär. Ol şäheriň töweregindäki çöllük meýdanyň ep-esli bölegini iri syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwürmek ugrundaky strategiýanyň bir bölegidir. Geljekde bu meýdanda kiber-sport arenasy, stadion we akwapark hem gurulmaly.
Täze seýilgäh Six Flags kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikanyň çäginden daşynda guran ilkinji desgasydyr. Onuň gurluşygy takmynan dört ýyl dowam etdi. Toplumyň meýdany 32 gektara deňeçer bolup, onda attraksionlar, restoranlar we söwda zolaklary jemlendi.
Six Flags Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde «Six Flags Qiddiya City»-niň açylandygyny buýsanç bilen yglan edýär. Çünki bu taslamanyň ähmiýeti sebitdäki dynç alyş pudagyny täzeden kesgitlejek derejede ýokarydyr.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......