Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

  • 12.01.2026 17:52
  • 20k+

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar.

Resminamalary iki usulda - onlaýn portal arkaly ýa-da Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň (2127-nji köçe) 71-nji jaýynda («MB» söwda merkezi) ýerleşýän wiza merkezine şahsy barmak arkaly tabşyryp bolar.
Mundan öňki «Gateway International» arkaly tabşyrylan arzalar öz güýjüni saklaýar we olar bellenilen tertipde serediler. 12-nji ýanwardan başlap, täze arzalar diňe öňünden ýazylyşyk esasynda kabul edilýär.
«Mosaic Visa» Türkiýäniň konsullyk edaralarynyň ýanyndaky ygtyýarlandyrylan merkezdir. Bu ýerde Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk, iş, talyplyk, işewürlik, üstaşyr we beýleki wiza görnüşlerini resmileşdirip bilerler.
Merkez konsullygyň wiza bermek baradaky kararyna täsir edip bilmeýär. Hyzmat tölegleri, netijesine garamazdan, yzyna gaýtarylmaýar.

Iş tertibi:

  • Duşenbe–Anna: 09:00-dan 17:00-a çenli.
  • Remezan aýynda: 09:00-dan 14:00-a çenli.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky wiza düzgüni 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri hereket edýär. «Gateway International» merkezi bolsa şol günüň ertesi işe başlapdy.


düýn 01:05
4.1k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......