Fransiýa bir ýylda 102 million syýahatçy kabul edip, öz rekordyny täzeledi

  • 24.02.2026 10:08
  • 2.1k+

Fransiýa 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy derejesini saklap galdy we syýahatçylaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Resmi maglumatlara görä, ýurt bir ýylda 102 million adam kabul edipdir.

Ondan bir ýyl ozal, Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň täsiri bilen Fransiýa, taryhynda ilkinji gezek 100 million myhmany kabul edipdi. 2025-nji ýylda hem syýahatçylyk akymynyň ösmegi dowam etdi. Bu ýagdaý ykdysady taýdan uly peýda getiren bolsa-da, iň meşhur syýahatçylyk zolaklaryna düşýän agramy welin,  görnetin artdyrdy.
Ykdysadyýet ministrligi daşary ýurtly syýahatçylaryň Fransiýada jemi 743 million gije geçirendiklerini habar berdi. Myhmanlaryň takmynan 76 %-i Ýewropa ýurtlaryndan gelenler. Myhmanhanalarda we beýleki täjirçilik maksatly ýerlerde galýanlaryň sany hem 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,5 % ýokarlandy.
Şunlukda syýahatçylykdan gelen girdeji rekord derejä — 77,5 mlrd ýewro ýetdi. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 9 %, 2019-njy ýyldaka seredeniňde bolsa 37 % ýokarydyr. Häkimiýetler 2030-njy ýyla çenli turizmden gelýän ýyllyk girdejini 100 mlrd ýewro ýetirmegi we pudagyň  durnukly görnüşlerini ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Şol bir wagtyň özünde, Ispaniýa hem 96,8 mln syýahatçy kabul etmek bilen Fransiýa örän ýakynlaşdy. Girdeji babatda bolsa, ondan-da öňe geçip, 105 mlrd ýewro gazanmagy başardy.
Fransiýada «owerturizm» (çakdan agan syýahatçylyk) beýleki ýurtlara garanyňda, sypaýy kabul edilse-de, käbir ýerli meseleler ýüze çykyp başlady. Meselem, tomus paslynda Monmartryň ýaşaýjylary syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagyna garşy çykyş etdiler. Syýahatçylyk ministri Oliwiýa Greguar hem 2023-nji ýylda Mon-Sen-Mişel adasy ýaly aşa köp adam barýan ýerlere düşýän agramy gyssagly düzgünleşdirmegiň zerurdygyny mälim edipdi. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......