Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi

  • 31.12.2025 09:09
  • 13k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Bu barada Orient agentligi habar berýär.

Indi Hytaýda 180 güne çenli bolmak şerti bilen gysga möhletli wiza almak isleýänleriň ählisi biometrik maglumatlary tabşyrmak prosedurasyndan boşadylýar. Bu başlangyç dolandyryş işlerini ýönekeýleşdirmäge we wiza almagyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, käbir kategoriýalar üçin barmak yzlaryny hökmany tabşyrmak talaby saklanyp galýar. Bu kadalar D, J1, Q1, S1, X1 we Z görnüşli wizalar üçin ýüz tutýanlara degişlidir. Agzalan wiza görnüşleri Hytaýa barandan soň ýaşamak üçin rugsatnamany resmileşdirmegi göz öňünde tutýar. Şol sebäpli, bu ýagdaýlarda daktiloskopiýa bellenen tertipde geçiriler.
Hytaýyň ilçihanasyndan berlen maglumata görä, bu täzelik wiza alma prosesini has oňaýly we elýeterli eder.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......