ÝB ýolagçylara çemodanlaryny plastik plyonka bilen örtmegi gadagan etmekçi bolýar

  • 24.01.2026 01:02
  • 6.8k+

Ýewropa Bileleşigi howa ýolagçylaryna dahylly täze çäklendirmeleri taýýarlaýar. Olara laýyklykda, howa menzillerinde çemodanlary plastik plýonka bilen örtmegi gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu düzgün daşky gurşawa täsirleri azaltmaga gönükdirilendir.

Köp ýolagçylar öz çemodanlarynyň bir zatlara degip zaýalanmagyndan ýa-da açylmagyndan gorkup, gorag üçin plastik plýonka ulanýarlar. ÝB bolsa bu tejribe uly möçberdäki galyndylaryň döremegine sebäp bolýar diýip pikir edýär. Bir gezek ulanylýan plastigi gaýtadan işlemek kyn  bolýar we ol daşky gurşawa ýaramaz täsir edýär.
Täze düzgüne görä, ÝB ýurtlarynda 2030-njy ýyla çenli ähli gaplamalar diýen ýaly gaýtadan işlenilmeli. Gadaganlyk supermarketlerdäki plastik haltalara we käbir azyk önümleriniň gaplamalaryna (meselem, plastik haltalardaky ketçup) degişli bolar. Çemodanlar üçin plastik plyonka hem çäklendirmelere sezewar ediler.
Gadaganlyk 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär.
ÝB uzakmöhletleýin meýilnama laýyklykda, 2040-njy ýyla çenli gaplama galyndylaryny 15% azaltmagy maksat edinýär. Käbir aeroportlar üýtgetmelere häzirden taýýarlyk görüp başladylar. Mysal üçin, Gannower aeroporty öz web sahypasynda ýolagçylara goşlaryny plastik plýonka bilen örtmezligi maslahat berýär. Munuň ýerine, zerur bolandam howpsuzlyk işgärleri tarapyndan açylyp bilinýän sanly kodly TSA gulplaryny, şeýle hem gaýtadan ulanylýan materiallardan ýasalan gorag örtüklerini ulanmagy teklip edýär.


10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

03.05.2026 11:40
4.3k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

09.02.2026 18:55
10k+

Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär...