Etihad dünýäniň iň ygtybarly awiakompaniýalarynyň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 19.01.2026 22:54
  • 4.2k+

AirlineRatings.com portaly dünýäniň iň ygtybarly 25 awiakompaniýasyndan ybarat sanawy hödürledi. Şu ýyl reýtingde birinji orny Ýakyn Gündogaryň Etihad Airways awiagatnadyjysy eýeledi.

Portalyň hünärmenleri uçar flotunyň ýaşyny, uçarmanlaryň hünär derejesini we turbulentligiň öňüni alyş ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutup, 320 awiakompaniýanyň işini seljerdi.
Etihad Airways bir gatnaw üçin hadysalaryň iň pes derejesiniň we turbulentlik bilen göreşmegiň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde öňe saýlandy.
Portalyň baş direktory Şeron Petersen öňdebaryjylaryň arasyndaky tapawudyň säheldigini belledi: birinji we altynjy orunlaryň arasynda bary-ýogy 1,3 bal tapawut bar.
Iň ygtybarly doly hyzmatly 25 awiakompaniýanyň sanawy şeýle görnüşde:

  • Etihad;
  • Cathay Pacific;
  • Qantas;
  • Qatar Airways;
  • Emirates;
  • Air New Zealand;
  • Singapore Airlines;
  • EVA Air;
  • Virgin Australia;
  • Korean Air;
  • STARLUX;
  • Turkish Airlines;
  • Virgin Atlantic;
  • ANA (All Nippon Airways);
  • Alaska Airlines;
  • TAP Air Portugal;
  • SAS;
  • British Airways;
  • Vietnam Airlines;
  • Iberia;
  • Lufthansa;
  • Air Canada
  • Delta Air Lines;
  • American Airlines;
  • Fiji Airways.

Arzan gatnadyjylaryň arasynda öňdebaryjylygy yzygider ikinji gezek HK Express kompaniýasy saklady. Mundan başga-da, loukosterleriň sanawyna ilkinji gezek Gonkongyň Spring Airlines hytaý awiakompaniýasy goşuldy.

  • HK Express;
  • Jetstar Airways;
  • Scoot;
  • flydubai (в будущем будет оцениваться как полносервисная);
  • EasyJet Group;
  • Southwest;
  • airBaltic;
  • VietJet Air;
  • Wizz Air Group;
  • AirAsia Group;
  • TUI UK;
  • Vueling;
  • Norwegian;
  • JetBlue;
  • FlyNAS;
  • Cebu Pacific;
  • Jet;
  • Ryanair;
  • Spring Airlines;
  • Transavia Group;
  • Eurowings Group;
  • Volaris;
  • WestJet Group;
  • GOL;
  • SKY Airline Chile.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......