Cirium dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýalary we howa menzillerini saýlady

  • 15.01.2026 21:43
  • 4.1k+

Cirium analitiki kompaniýasy «2025-nji ýylda wagtynda ýerine ýetirmegiň görkezijilerine syn» hasabatyny hödürledi we onda tertipnamanyň berjaý edilişi boýunça awiakompaniýalaryň hem howa menzilleriniň reýtingini hödürledi. Dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýa Aeromexico boldy.

Cirium kompaniýasy uçar tertipnamada görkezilen wagtdan soň 15 minutdan gijä galman çykalga (gate) gelýän bolsa, gatnawy öz wagtynda ýerine ýetirilen diýip hasaplaýar. Howa menzilleri üçin bolsa şol wagt çäginde ýerine ýetirilen uçuşlaryň paýyna baha berilýär. Gözlegde global we sebit awiakompaniýalarynyň, şeýle-de ýolagçy akymy boýunça dürli kategoriýaly howa menzilleriniň görkezijileri seljerildi.
Aeromexico 90,02% takyklyk derejesi bilen sanawyň başynda ýerleşdi. Ikinji orny 86,53% görkeziji bilen Saudia, üçünji orny 86,09% bilen Scandinavian Airlines (SAS) eýeledi.
Sebitler boýunça Demirgazyk Amerikada reýtingiň öňdebaryjysy yzygider bäş ýyl bäri birinji orny saklaýan Delta Air Lines boldy. Ýewropada iň gowusy Iberia Express, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Philippine Airlines, Latyn Amerikasynda Copa Airlines, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde Safair boldy. Durnukly we ýokary hilli işi üçin aýratyn platina baýragyny Qatar Airways aldy.
Şeýle-de, hasabatda British Virgin Atlantic awiakompaniýasynyň wagta jürlüginiň gowulaşandygy bellenilýär: tertipnama boýunça gatnawlaryň paýy 2024-nji ýyldaky 74,02%-den 2025-nji ýylda 83,45%-e çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Cirium awiakompaniýalaryň işgärleriň ýetmezçilik edýän, howa giňişliginde çäklendirmeleriň, logistika bökdençlikleriniň we durnuksyz howanyň bar şertlerinde işlemegini dowam etdirýändigini belleýär.
Howa menzilleriniň arasynda platina baýragyny Stambulyň halkara howa menzili aldy. Wagtyna has jür iň uly howa menzili Çilidäki Arturo Merino Benites boldy. Orta ululykdaky howa menzilleriniň arasynda öňdebaryjy Panamadaky Tokumen, kiçi howa menzilleriniň arasynda Ekwadordaky Hose Hoakin de Olmedo boldy. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......