9.4k+

Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy

19-njy oktýabrda irden Luwrda ogurlyk bolup geçdi. Ýedi minutda jenaýatkärler fransuz imperatorlarynyň dokuz sany gymmatly şaý-seplerini – bezeg önümleriniň toplumyny, gap-gaç toplumyny, monjugy, gulakhalkany, iki täji we gülýakany ogurlady diýip, Le Parisien habar berýär...

11k+

Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy

Beýik Britaniýanyň Ýura kenarynda alymlar öň belli bolmadyk, delfiniň ululygyndaky gadymy deňiz süýrenijisi — ihtiozawryň bitin diýen ýaly skeletini tapdylar. Britan paleontologlary Papers in Paleontology žurnalynda çap eden makalasynda bu tapyndynyň ihtiozawrlaryň ewolýusiýasynyň taryhyndaky boşlugy doldurmaga kömek edýändigini belleýärler...

1.7k+

FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular

Sega bilen Sports Interactive studiýasynyň Football Manager oýun seriýasy 20 ýyllygyny belleýär. Öz taryhynda ilkinji gezek oýun FIFA-nyň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolar. Işläp düzüjiler Halkara futbol federasiýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada habar berdi, bu bolsa oýunlarda FIFA-nyň howandarlygynda uly ýaryşlaryň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär...

7.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.10 - 26.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

7.8k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy...

2.9k+

MrBeast öz maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Dünýäde meşhur YouTube blogeri MrBeast (Jimmi Donaldson) MrBeast Financial ady bilen maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Business Insider-iň habar bermegine görä, ol degişli haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary býurosyna arza berdi...

5.5k+

Redmi elýeterli K90 Pro Max flagmanynyň dizaýnyny görkezdi: ol jins stiline eýe boldy

Redmi kompaniýasy 27-nji oktýabrda Hytaýda Redmi K90 hataryny, şol sanda täze K90 Pro Max flagmanyny hödürlejekdigini tassyklady. Şol çärede adaty wersiýa K90-nyň hem görkezilmegine garaşylýar. Resmi suratlarda ultra-inçe çarçuwaly we yzky panelde uly gönüburç şekilli kamera moduly bolan K90 Pro Max-yň ak wersiýasy görkezildi...

5.9k+

Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär. Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi...

1.4k+

YouTube wideopleýeriň dizaýnyny we dolandyryş elementlerini täzeledi

YouTube wideopleýeriň interfeýsiniň uly täzelenmesine başlady. Ol web-wersiýa, Android, iOS we telewizorlar üçin programmalara täsir eder. Üýtgeşmeler dolandyryş elementleriniň ýerleşişini we wizual effektleri täzeden işlemek arkaly interfeýsi has arassa we düşnükli eder...

4.9k+

Pixel 10 Pro Fold smartfony berklik synagynda döwlüp, birden ot aldy

Smartfonlary berklik synaglaryndan geçirmek bilen tanalýan bloger JerryRigEverything bu gezek täze, eplenýän Google Pixel 10 Pro Fold smartfonyny synagdan geçirdi we garaşylmadyk netijeler bilen ýüzbe-ýüz boldy – smartfonyň akkumulýatory ýandy...

1.4k+

Apple täze M5 prosessorly 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi

Apple täze M5 prosessorynda işleýän 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “Mac üçin emeli aňy ösdürmekde indiki uly ädim” diýip atlandyrýar. Enjamyň EA meselelerinde öndürijiligi öňki M4-li model bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy...

1.1k+

Apple täze çip bilen iPad Pro planşetini çykardy

Apple täze nesil iPad Pro planşetini hödürledi. Esasy täzelik kompaniýanyň öz M5 prosessoryna geçmegi boldy. Täze M5 çibi 10 ýadro bilen üpjün edildi – olardan dördüsi öndürijilige jogap berýär, altysy energiýa tygşytlaýjy ýadrodyr...

4.1k+

Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy

Valve Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy, ýöne ol häzirlikçe diňe beta-synaga gatnaşyjylar üçin elýeterlidir. Esasy üýtgeşme bombany zyýansyzlandyrmak bilen baglanyşykly boldy. Indi defýuz wagty oýunçy atyp ýa-da nyşana alyp bilmeýär: ýarag awtomatik ýagdaýda aşak düşürilýär, zyýansyzlandyrmak tamamlanandan soň, ýene atyp başlamak mümkinçiliginden öň gysga wagtlyk eglenme – 150 millisekunt goşuldy...

1k+

Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar

Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi...

2.2k+

Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer

Disney kompaniýasy “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” atly meşhur animasion filmiň laýw-ekşn remeýkiniň üstünde ýene-de işläp başlady. Baş gahrymanlaryň biri — ene Goteliň keşbini Skarlett Ýohanssona ynanmak göz öňünde tutulýar diýip, Deadline habar berýär...

1.9k+

“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar

Warner Bros. kompaniýasy Legendary bilen hyzmatdaşlykda “Minecraft kinoda” filminiň dowamyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Dowamynyň dünýä prokatyna çykarylmagy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda meýilleşdirilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär...

4.8k+

Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar

Amazon MGM Studios ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp hakynda dokumental film taýýarlaýar diýip, Variety habar berýär. Filmiň çykjak senesi 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär. Filme “Dykyn wagty” («Час пик») atly gülküli boýewik bilen tanalýan režissýor Brett Ratner ýolbaşçylyk eder...

1.1k+

Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi

14-nji oktýabrdan başlap Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamynyň goldawyny resmi taýdan bes etdi. Ulanyjylara Windows 11-e geçmek maslahat berilýär diýip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar. Indi öňki OS-y ulanyjylara programma üpjünçiliginiň we howpsuzlyk ulgamynyň täzelenmesi, şeýle-de tehniki goldaw berilmez...

5.1k+

Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi

Timex amerikan brendi özüniň ilkinji SSQ Quartz Digital sanly sagadynyň täzelenen wersiýasyny çykardy. Ol 1975-nji ýyldaky modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Täze sagat Q Timex 1975 SSQ adyny aldy we wintaž dizaýny döwrebap elektronika we has ýokary hilli materiallar bilen utgaşdyryp, tanyş minimalistik stili saklaýar...

1.8k+

YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär

YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer. Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär...