Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

  • 05.04.2026 23:03
  • 4.2k+

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar berýär.

Taslama täze desgalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar, bu bolsa toplumyň çägini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Täzelikleriň arasynda kakao agaçlaryny saklaýan ýyladyşhanalar bolup, bu ýere gelýän myhmanlar şokolad öndürmek üçin ulanylýan çig malyň ösüş prosesini görüp biler.

Şeýle hem Emporium zolagynda degustasiýa zalyny we dükan açmak meýilleşdirilýär. Esasy özüne çekiji desgalaryň biri bolsa «uçýan teatr» — Şweýsariýanyň üstünden wirtual syýahat edýän attraksion bolar.

Fabrigiň 1898-nji ýylda gurlan taryhy binalary dikeldiş işlerinden soň ilkinji gezek myhmanlar üçin açylar, ol ýerde mowzuklaýyn sergiler ýerleşdiriler. Atelier du Chocolate ussahanasy üç esse giňeldiler. Meýilnamada asma ýoluny we goşmaça myhmanhanalary gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Taslama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi 400 million şweýsar frankyna (500 million ABŞ dollaryndan gowrak) deň bolar. Gurluşyk işleri şu ýyl başlar, açylyş dabarasy bolsa 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Işler tamamlanandan soň, gelýän syýahatçylaryň sanynyň ýylda 500 müňden 1,2 million adama çenli artmagyna garaşylýar.


15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

12.03.2026 18:24
1.9k+

Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar...