Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

  • 12.03.2026 18:24
  • 1.9k+

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar.

Bu abraýly we täsin çäre Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň hem-de Sýurih uniwersitetiniň goldamagynda guralar.

Guraýjylar geçirilmeli ýeriň üýtgedilmeginiň sebäbini gatnaşyjylaryň amerikan wizalaryny almakdaky kynçylyklary bilen düşündirdiler. Olaryň belleýşi ýaly, halkara myhmanlar üçin häzirki wagtda ABŞ-a syýahat etmek öňküsi ýaly aňsat we amatly däl.

Dabaranyň alyp baryjysy we Annals of Improbable Research žurnalynyň redaktory Mark Abrahams: «Biz şu ýylky ýeňijileri ýa-da bu wakany beýan etjek halkara žurnalistleri akaýyn ABŞ-a çagyryp bilmeýäris» diýip, ýagdaýy düşündirýär.

Şnobel baýragy adamlary birbada güldürip, soňra bolsa çuňňur pikirlendirýän geň we täsin ylmy barlaglar üçin berilýär. 2026-njy ýyldaky çäre sany boýunça 36-njy bolar. Däp bolşy ýaly, bu dabara Nobel baýragynyň laureatlary yglan edilmezinden birnäçe hepde öň geçirilýär.

Abrahams mundan beýläk baýrak gowşuryş dabarasynyň her iki ýyldan bir gezek Sýurihde, galan ýyllarda bolsa Ýewropanyň beýleki uly şäherlerinde geçiriljekdigini belleýär. Guraýjylaryň häzirlikçe dabarany yzyna – ABŞ-a getirmek meýilleri ýok.

ABŞ-da immigrasiýa syýasatynyň berkemegi netijesinde, geçen ýyl Şnobel baýragynyň 10 laureatynyň dördüsi wiza meseleleri sebäpli Bostonda geçirilen dabara gatnaşyp bilmändi. Bu ýagdaý guraýjylary dabaranyň geçirilýän ýerini düýpli üýtgetmäge mejbur etdi.


düýn 00:57
4.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......