«Galkynyş» topary Bakuwda meşhur aýdymçy Emin Agalarow bilen duşuşdy

  • 05.04.2026 21:54
  • 3.7k+

Tanymal aýdymçy Emin Agalarow Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk toparyň Azerbaýjana amala aşyran döredijilik saparynyň çäklerinde guraldy diýip, THP habar berýär.

Emin Agalarow türkmen çapyksuwarlary bilen söhbetdeş bolup, ahalteke bedewleriniň saklanyş şertleri bilen tanyşdy. Aýdymça türkmen toparyny dünýä derejesinde tanadan we halkara meýdançalarda abraýly baýraklary getiren üýtgeşik çykyşlardan käbir bölekler görkezildi.

Emin Agalarow türkmen jigitleriniň görkezýän gaýtalanmaz ussatlygyna we «asman atlarynyň» owadanlygyna tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýdyp, şeýle özboluşly medeni mirasy saklap galmagyň ähmiýetini belledi.

Ýatlap geçsek, mart aýynda «Galkynyş» toparynyň artistleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň wekilleri bilen bilelikde Bakuwyň Circus Sea Breeze toplumynda özüniň gyzykly çykyşlaryny görkezdi. Tomaşaçylara ahalteke bedewleriniň üstünde milli jigitlik sungatynyň ajaýyp nusgalary we ýokary derejeli akrobatik çykyşlar, şeýle-de sirkiň beýleki žanrlaryndaky çykyşlar hödürlendi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......