Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

  • 05.04.2026 10:18
  • 11k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda 30 müň adama niýetlenen metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada 4-nji aprelde «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň töweregini synlady, şeýle hem binanyň gümmezleriniň reňk aýratynlyklaryna baha berdi. Metjidiň içerki we daşarky bezeg işlerine, onuň töweregini abadanlaşdyrmaga hem-de arassaçylyk işlerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow işleriň depgini hem-de ozal berlen maslahatlaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Metjidiň içerki bezeginiň dürli görnüşleri we oňa niýetlenen düşegiň görnüşleri görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bezeg elementleriniň, şeýle hem düşegiň reňkleriniň şäheriň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly saýlanyp alynmagynyň ähmiýetini belledi. Şeýle meselelerde din wekilleri bilen maslahatlaşmalary geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Bezeg serişdelerini saýlap almaga, olaryň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine aýratyn üns çekildi. Metjidiň daşky we içki keşbi, şeýle hem yşyklandyryş ulgamy yslam dünýäsinde ähmiýetli hasaplanylýan metjide mahsus derejede bolmalydyr diýlip bellenildi.


25.05.2026 11:17
9.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
6.1k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......