Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

  • 01.04.2026 16:26
  • 1.5k+

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO» döwlet guramasy tarapyndan guraldy.

Açylyş dabarasy çagalar üçin interaktiw maksatnama bilen başlandy: myhmanlary erteki gahrymanlary — Buratino, Malwina we Pýero garşylady. Çäräniň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň festiwala gatnaşyjylara gutlagy okaldy.

Tomaşaçylara režissýor Igor Woloşiniň «Buratino», Maksim Wolkowyň «Doktor Dinozawrow», Aleksandr Babaýewiň we Wasiliý Rowenskiniň «Gnomlaryň hazynalary» hem-de Aleksandr Amirowyň «Şagyzy-gurbaga» ýaly rus filmleri görkezildi.

Bu festiwal medeni gatnaşyklary ösdürmäge we türkmen tomaşaçylaryny Russiýanyň häzirki zaman kinematografiýasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.


23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......