Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy

  • 05.04.2026 22:37
  • 8.1k+

Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy.

Höwürtgede eýýäm per-ganat çykaran guş jüýjesi bardy, ýöne golaýynda uly guş ýokdy. Ony barlap, şikes almandygyna göz ýetirensoň, ol adam guşy biynjalyk etmezlik üçin o ýerden gaýtdy.

Ekolog Azamat Kožomkulow garaguşlaryň Gyrgyzystanda duş gelýän iň uly ýyrtyjy guşlardygyny düşündirdi. Olaryň ganatlarynyň uzynlygy 2,5 metre ýetip bilýär.

"Garaguşlar Gyrgyzystanyň daşky gurşawyny goraýjylardyr. Olar hapa aýryjylaryň we gabyr gazyjylaryň işini ýerine ýetirýärler. Olaryň esasy iýmiti maslyk - iri haýwanlaryň galyndylarydyr. Rowaýata görä, bu maslykçy guşlar uzak ýaşaýarlar. Hakykatdanam, olar beýleki guşlara garanda haýal ýetişýärler, olara ulalmak üçin köp wagt – birnäçe ýyl gerek. Olar örän haýal ösýärler we köpelýärler. Şonuň üçin her bir guş jüýjesi gymmatlydyr.

Garaguşlar 30 ýyldan köp ýaşamaýarlar. Garaguşlar haýwanat dünýäsinde möhüm halka bolup durýar: olar haýwanlaryň maslygyny ýok edýärler we şeýlelik bilen, epizootiýanyň ýaýramagynyň öňüni alýarlar. Gyrgyzystanda garaguşlar döwlet tarapyndan goralýar" - diýip, ol belledi.


düýn 22:19
1.8k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......