Erling Holand her kime ýetdirmeýän seýrek «Maybach Virgil Abloh» superkaryny satyn aldy

  • 04.04.2026 13:43
  • 16k+

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand dünýäde diňe 150 nusgada öndürilen seýrek Mercedes-Maybach Virgil Abloh awtoulagyny öz kolleksiýasyna goşdy.

Täze ulag eýýäm futbolçynyň öňdenem kaşaň ulaglary ýetik garajynyň bezegine öwrüldi diýip, The Sun neşiri habar berýär. Hakykatdan hem Holandyň kolleksiýasynda mundan başga-da Aston Martin DBX 707, Rolls-Royce Cullinan we Porsche 911 GT3 ýaly gymmat bahaly ulaglar bar.

«Louis Vuitton» moda öýüniň çeperçilik ýolbaşçysy merhum Wirjil Ablo bilen bilelikde döredilen bu model özüniň iki reňkli dizaýny bilen tapawutlanýar. Onuň ýokarky bölegi ýalpyldawuk gara, aşaky bölegi we diskleri bolsa gumuň reňkindedir.

Ulag 6,0 litrlik V12 goşa turbonadduwly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Superkar sagatda 250 km (155 mil) töweregi tizlik alýar. 0-dan 100 km/s (60 mil/s) tizlige çykmagy üçin bolsa bary-ýogy 4,5 sekunt ýeterlik.

Bu seýrek awtoulagyň bahasy takmynan 400 müň funt sterlinge (520 000 dollar) barabardyr.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.2k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....