Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň ahalteke bedewiniň baýramyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy

  • 05.04.2026 10:19
  • 11k+

Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, işleriň hilini üpjün etmek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemäge görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi.

D.Orazow desgalaryň gurluşygynyň barşy barada giňişleýin maglumat berdi. Ozal berlen tabşyryklary göz öňünde tutmak bilen, işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülýändigi, gurluşygyň hiline, ulanylýan serişdeleriň berkligine we uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ol işleriň ýerine ýetirilişine we golaýdaky ýerlerde ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şäheriň häkimi G.Mämmedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem şäherde abadanlaşdyryş we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Degişli düzümleriň sazlaşykly hereket edýändigi bellenildi.

Milli Lider ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmelidigini belledi. Meýilleşdirilen dabaralara atşynaslaryň we şäher ýaşaýjylarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.


03.06.2026 11:50
2.7k+

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

01.06.2026 00:04
7k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

25.05.2026 11:17
9.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
6.1k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....