Türkmenistanda elguşlary getirmegiň, alyp gitmegiň, satyn almagyň we satmagyň tertibi tassyklanyldy

  • 05.04.2026 07:02
  • 11k+

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi elguşlary ýurda getirmegiň we ýurduň çäginden daşyna alyp gitmegiň, şeýle hem olary satyn almagyň, satmagyň, çalyşmagyň we sowgat bermegiň tertibini tassyklady. Degişli 32-ö belgili buýruga 2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda gol çekildi we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Kanuny durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi. Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek ministriň orunbasaryna tabşyryldy.

Tassyklanan tertip elguşlar bilen bagly ähli amallary — getirmekden we alyp gitmekden başlap, eýelik hukugynyň berilmegine çenli ähli gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Elguşlar diýlip, aw awlamagyň barşynda ulanylýan bürgüt, laçyn, ütelgi ýaly ýyrtyjy guşlara düşünilýär.

Bu talaplary berjaý etmek şeýle guşlary saklamak bilen meşgullanýan ähli ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmanydyr. Guşlaryň eýeleri olary ygtyýarly edarada we Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetinde hasaba aldyrmalydyr. Munuň üçin arza bilen ýüz tutulýar we bäş iş gününiň dowamynda hasaba alyş şahadatnamasy resmileşdirilýär.

El guşlary getirmek we ýurduň çäginden alyp gitmek diňe ygtyýarly edara tarapyndan berlen ýörite rugsatnama bolan ýagdaýynda mümkindir. Eger guşuň görnüşi CITES Konwensiýasynyň (Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa) sanawyna girýän bolsa, onda onuň talaplaryna laýyklykda goşmaça rugsatnama talap edilýär. Türkmenistan bu konwensiýa 2024-nji ýylyň iýulynda goşulypdy.

Rugsatnama almak üçin gyzyklanma bildirýän şahslar erkin görnüşinde ýazylan arzany we degişli resminamalary tabşyrmalydyr.


şu gün 01:36
485

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
5.5k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 12:12
6k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......