Icelandair kompaniýasy Islandiýa syýahat hödürlemek üçin «erbet fotosuratçyny» gözleýär

  • 04.04.2026 23:43
  • 6.4k+

«Icelandair» awiakompaniýasy bäsleşik yglan etdi. Onuň ýeňijisi Islandiýa 10 gün syýahat etmäge mümkinçilik gazanar. Taslamanyň maksady hatda tejribesiz adamyň hem bu ýurtda gowy suratlary düşürip biljekdigini görkezmekden ybarat diýip, «Euronews» habar berýär.

Guramaçylar häzirki wagtda her bir adamda diýen ýaly kameranyň bardygyny, emma munuň ýokary hilli suratlary kepillendirmeýändigini belleýär. Köp adamlar düşürilen suratlaryň bulaşyk çykmagy ýa-da şowsuz rakurslar ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

«Really bad photographer» (hakykatdan hem erbet fotosuratçy) atly kampaniýanyň çäklerinde kompaniýa professional tejribesi we surata düşürmäge uly höwesi bolmadyk gatnaşyjyny gözleýär. Şunda dalaşgär adam suratlarda we wideolarda görünmäge, şeýle hem açyk howadaky işjeň çärelere gatnaşmaga taýyn bolmalydyr.

Ýeňijiniň uçuş we yzyna gaýdyş tölegleri, ýaşajak ýeri we şahsy çykdajylary üçin serişdeleri tölener. Mundan başga-da, döredilen kontent üçin 43 000 ýewro möçberinde sylag göz öňünde tutulýar.

Gatnaşmak üçin 21 ýaşdan uly bolmak, güýji bolan pasportyň we Islandiýa, Beýik Britaniýa hem-de ABŞ-a syýahat etmäge mümkinçiliginiň bolmagy zerurdyr.

Arzalary ýörite saýtyň üsti bilen tabşyryp bolýar, onda öz ukyplaryň barada alty sany sowala jogap bermeli. Goşmaça hökmünde, gatnaşyjylar näme üçin hut özleriniň bu taslama laýyk gelýändiklerini düşündirýän gysga wideo hem iberip biler.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......