Ogurlykmy ýa ýerine düşen mahabat strategiýasy? KitKat çilnen şokoladlaryndan nädip şöhrat gazandy

  • düýn 20:52
  • 4.2k+

Nestlé agrosenagat ägirdine degişli bolan «KitKat» kompaniýasynyň «ogurlanan» ýük ulagy baradaky kyssa garaşylmadyk ýagdaýda jenaýat habarlarynyň çäginden çykyp, soňky günleriň iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan marketing nusgalarynyň (keýsleriniň) birine öwrüldi. KitKat brendi — bilkastlaýyn bolsun ýa-da bolmasyn — bu ýagdaýy giň gerimli mahabat çäresine öwürmegi başardy.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 26-njy martda Ýewropada täze tapgyryň 414 müňe golaý batonjygyndan ybarat bolan (takmynan 12 tonna şokolad) brendirlenen ýük ulagynyň ogurlanandygy barada habar peýda bolupdy. Ulag Italiýanyň merkezindäki fabrikden Polşa tarap barýardy. Nestlé wakany tassyklady we häkimiýetler bilen bilelikde derňew işlerini geçirýändigini mälim etdi. Şol bir wagtda kompaniýa özüniň meşhur şygaryny ulanmagy hem ýatdan çykarmady: «Biz elmydama adamlary KitKat bilen arakesme etmäge çagyrýardyk, ýöne ogrular muny has göni manyda kabul eden ýaly görünýärler».

Soňra ýüküň tapylandygy mälim boldy, emma detallary aýan edilmedi.

Käbirleri bu hadysanyň hakyky ogrulykdygyny ýa-da öňünden meýilleşdirilen mahabat çäresidigini anyklamaga çalyşýan wagty, internet eýýäm hadysa öz bahasyny berdi: bu ýagdaý wirusa öwrülen mazmuny ýaýratmak üçin iň ýerine düşen habardyr.

Bu ýerde ýene bir möhüm pursat bar — «ogurlanan» tapgyr «Formula-1» bilen baglydy. Bu waka brendiň F1 bilen ýakynda ýola goýan hyzmatdaşlygy bilen bir wagta gabat geldi we munuň örän takyk meýilleşdirilen çäredigi baradaky şübhelere güýç berdi. Hünärmenleriň arasynda derrew sorag döredi: bu hakyky ogurlyk wakasymy ýa-da aňrybaş meýilleşdirilen mahabat oýny?

Neneňsi bolsa-da, bu waka tüýs ýerine düşen marketing pirimi hökmünde işledi. Sosial ulgamlar sözüň göni manysynda bu habar bilen "partlama" döretdiler. Ulanyjylar #FindTheKitKat heştegi astynda degişmeli «derňewleri» çap edip başladylar, «Reddit» ulgamynda bolsa bolup geçýän zatlary «Ouşeniň 11 dosty» filmine meňzetdiler (ýöne bu gezek «12 tonna KitKat» görnüşinde). Bu hekaýa indi diňe bir brende degişli bolman, eýsem tutuş jemgyýetiň gyzyklanma merkezine öwrüldi.

Bu giň ýaýran çärä beýleki kompaniýalar hem tiz goşuldylar. Bangladeşiň iň meşhur burger ulgamlaryndan biri bolan «Chillox» özüniň «sous tankeriniň» ogurlanandygyny «habar berdi» we ulanyjylardan derňew işlerinde kömek sorady. «Domino's Pizza-nyň» London bölümi «KitKat-a» duýgudaşlyk bildirdi we şolbada «KitKat-ly täze pizzasyny» tanyşdyrdy. Hatda «Cut the Rope» mobil oýnunyň gahrymany Om Nom hem bu şokolad ogrulygyna dahylly däldigi barada beýanat bilen çykyş etmäge howlukdy.

Netijede, ogrulyk deliliniň özi ikinji hatara geçdi. Esasy waka bolsa, bu hekaýanyň nähili çaltlyk bilen global mahabat çäresine — memlere, brendleriň täsirlerine we dünýäniň her künjeginden adamlaryň ünsüni çekmegine öwrülendigi boldy.


31.03.2026 11:02
8.6k+

Italiýadan Polşa barýan ýolda 12 tonna «KitKat» şokolady ogurlandy

Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan......

06.02.2026 16:27
3k+

Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi...

31.01.2026 17:47
8.4k+

Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi

Onýyllyklaryň dowamynda Coca-Cola markasy bilen baglanyşdyrylan ak aýy garaşylmadyk ýagdaýda tarapyny üýtgetdi we Pepsi-niň täze mahabatynyň baş gahrymanyna öwrüldi. Pepsi kompaniýasy Superboul-2026 üçin «Saýlaw» (The Choice) atly wideoşekilli mahabatyny çykardy...

düýn 16:59
4.6k+

Ini bary-ýogy 63 sm: Peruda dünýäniň iň dar öýi guruldy

Peruwyň Aukalýama şäherinde dünýäniň iň dar öýi peýda boldy. Oddity Central neşiriniň habar bermegine görä, bu täsin binanyň ini bary-ýogy 63 santimetre barabardyr....