Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

  • 06.02.2026 16:27
  • 3.1k+

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi.

​Brend diňe bir gysga wideo mahabat däl-de, eýsem sanly şahsyýet baradaky umumy hekaýa bilen birleşdirilen birnäçe filmden ybarat tapgyry hödürledi. "Elýetersiz" (Недоступно) diýlip atlandyrylýan 30 sekuntlyk esasy wideo gara-ak nuar äheňinde surata düşürildi. Onda Stoun öz keşbinde çykyş edýär we Emmastone.com domenini hasaba almaga synanyşýar, emma adyň eýýäm alnandygyny bilýär.
​Sýužet "Gepleşikler" (
Переговоры) atly gysga göwrümli filmde dowam edýär, onda gahryman domeni yzyna almagyň ýollaryny gözleýär. Şeýle-de, tomaşaçylary öz domenlerini goramaga çagyrýan "Emma Stoundan habarnama" atly jemgyýetçilik wideosy hem ýaýradyldy.
​Bu kampaniýa aktrisanyň hakyky durmuşyndan alnan tejribesine esaslanýar: ol dogrudan hem Emmastone.com domeniniň eýesi däldi.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....