Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

  • 25.04.2026 16:02
  • 6.4k+

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan önümleri yzyna çagyryp almak işine başlady.

​Gözegçilik edaralary we hukuk goraýjy organlar munuň önüm öndüriji kompaniýa garşy edilýän gorkuzmak synanyşygy bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýärler.

​Bu ýagdaý 190 gramlyk gök önümli (käşir we kartoşkaly) goýutmak gaplarynyň birinde şübheli ýagdaýy duýan sarp edijiniň arzasyndan soň mälim boldy. Laboratoriýa barlaglary önümiň düzüminde zäherli maddanyň bardygyny tassyklady. Polisiýanyň maglumatyna görä, howply gaplaryň daşky görnüşi üýtgeşik. Onuň gapagy zeperlenen, gorag möhürleri ýok, ysy adatdakydan üýtgeşik we düýbünde gyzyl reňkli ýazgylar bolupdyr.

​«HiPP» kompaniýasy bu ýagdaýyň önümçilik bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna ynanýar. Kompaniýanyň resmi beýanatynda: «Bar bolan maglumatlar «SPAR» dükanlaryndaky üpjünçilik zynjyryna daşyndan jenaýatkärçilik maksatly goşulandyklaryny görkezýär» diýilýär.

​Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň çaga iýmitleri bazaryndaky umumy kynçylyklar bilen utgaşyp, has-da çynlakaýlaşýar. Mundan ozal «Nestle», «Danone» we «Lactalis» ýaly iri öndürijiler hem zäherleniş howpy sebäpli önümlerini yzyna çagyryp alypdylar.

​Hökümet ene-atalary satyn alan harytlaryny derrew dükanlara yzyna gaýtarmaga we gaplamalar bilen işleşilende gigiýena kadalaryny berk berjaý etmäge çagyrýar.

 


25.06.2026 14:59
7.3k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......