Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi

  • 31.01.2026 17:47
  • 8.6k+

Onýyllyklaryň dowamynda Coca-Cola markasy bilen baglanyşdyrylan ak aýy garaşylmadyk ýagdaýda tarapyny üýtgetdi we Pepsi-niň täze mahabatynyň baş gahrymanyna öwrüldi.
Pepsi kompaniýasy Superboul-2026 üçin «Saýlaw» (The Choice) atly wideoşekilli mahabatyny çykardy. Sýužetiň merkezinde 1993-nji ýyldan bäri tomaşaçylara bäsdeş markanyň Roždestwo mahabatlaryndan tanyş bolan meşhur ak aýy durýar. Ssenariý boýunça ol «Pepsi Challenge» kampaniýasyna gatnaşýar we garaşylmadyk netije bilen ýüzbe-ýüz bolýar: göz ýumup saýlanynda ol iki bankanyň arasyndan Coca-Cola Zero Sugar-yň deregine, «dönüklik bilen» Pepsi Zero Sugar içgisini saýlaýar.
Bu açyş aýynyň öz durmuşynyň manysyna şübhelenmegine sebäp bolýar — ol psihoterapewte gatnap başlaýar we Pepsi muşdagy hökmündäki täze şahsyýetini kabul etmäge dyrjaşýar. Mahabatyň dowamynda Queen toparynyň «I Want to Break Free» aýdymynyň ýaňlanmagy sýužetiň drama häsiýetini has-da güýçlendirýär.
Wideony «Oskar» baýragynyň eýesi Taýka Waýtiti surata düşürdi. Ol wideoda psihoterapewtiň roluny ýerine ýetirýär.
Pepsi kompaniýasy bu sýužetiň 2025-nji ýyldaky «Pepsi Challenge-iň» hakyky maglumatlaryna esaslanýandygyny nygtaýar: synaglar 34 sany bazarda geçirildi we gatnaşyjylaryň 66%-i, hakykatdan hem, Pepsi Zero Sugar-y saýlady. Pepsi-niň marketing bölüminiň ýolbaşçysy 2025-nji ýylda şekersiz içgiler segmentinde brendiň ösüşiniň 30,8%-e ýetendigini we mahabatdaky aýynyň şeýle saýlawy edýän amerikanlaryň köpçüligini alamatlandyrýandygyny belleýär.
Bu wakanyň ýene bir gyzykly tarapy, mundan ozal Coca-Cola-nyň öz Roždestwo mahabatyny taýýarlamakda emeli aňy ulanandygy üçin tankyt edilmegidir. Onuň üstünde üç sany EA studiýasy işläpdi. Gravity Falls multserialynyň awtory Aleks Hirş şonda: «Gyzykly maglumat: Coca-Cola-nyň reňki gyzyl, sebäbi ol işsiz galan hudožnikleriň ganyndan taýýarlandy» diýip, içýakgyçlyk bilen belläpdi.


01.04.2026 20:52
12k+

Ogurlykmy ýa ýerine düşen mahabat strategiýasy? KitKat çilnen şokoladlaryndan nädip şöhrat gazandy

Nestlé agrosenagat ägirdine degişli bolan «KitKat» kompaniýasynyň «ogurlanan» ýük ulagy baradaky kyssa garaşylmadyk ýagdaýda jenaýat habarlarynyň çäginden çykyp, soňky günleriň iň köp ara alnyp......

06.02.2026 16:27
3k+

Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi...

şu gün 14:24
1.5k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

şu gün 14:06
2.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....