Italiýadan Polşa barýan ýolda 12 tonna «KitKat» şokolady ogurlandy

  • 31.03.2026 11:02
  • 9.8k+

Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan 12 tonna barabardyr.

Täze görnüşli 413 793 sany şokoladdan ybarat ýük geçen hepde önümçilik we paýlaýyş meýdançalarynyň arasynda daşalýan wagty ýitdi. Ýük awtoulagynyň Italiýanyň merkezinden çykyp, Polşa tarap ugrandygy mälim bolsa-da, onuň anyk haýsy nokatda ýetendigi entek anyklanmadyk.

Brendiň wekili «Içi ýananyňam gülküsi bolar» diýlişi ýaly: «Biz öz mahabatlarymyzda hemişe adamlary «KitKat» bilen arakesme etmäge çagyrýardyk welin, ogrular bu çagyryşy göni manyda kabul edip, 12 tonnadan gowrak şokoladymyzy alyp gidäýipdirler» diýip, uly möçberli ýitgi hakynda degişmä salyp gürrüň berdi.

Ogurlanan şokoladlary gaplaryndaky ýörite tapgyrly kodlary arkaly yzarlap bolýar. Eger-de bikanun bazarlarda şol kodly harytlar skanirlense, ulgam derrew degişli edaralara habar berer.

Häzirki wagtda ýerli häkimiýetler we logistika hyzmatdaşlary bilen bilelikde gözleg işleri dowam etdirilýär. Kompaniýa bu şokoladlaryň Ýewropanyň resmi däl bazarlarynda peýda bolup biljekdigini duýdurdy.


21.06.2026 16:13
4.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......