Ýaşaýşyň “kerpiçjikleri”: Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda genetiki koduň ähli elementleri tapyldy

  • 06.04.2026 11:01
  • 3.4k+

Alymlar Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda DNK-ny we RNK-ny emele getirýän maddalaryň bäşisini hem tapdylar. Bu açyş ýaşaýyşyň ähli "gurluşyk bölekleriniň" kosmosda emele gelmek bilen, Ýere düşendigi baradaky çaklamany goldaýar.

Rýugu 1999-njy ýylda tapylan Ýere golaý asteroiddir. Alymlar onuň uçujy maddalaryň doňýan ýeri bolan "gar çyzygynyň" çäginden daşarda emele gelendigini çaklaýarlar. Onuň diametri takmynan 900 metr we ýaşy 4,5 milliard ýyl töweregi.

Öň nusgalarda organiki birleşmeler we aýry-aýry nukleo esaslar tapylýardy, ýöne indi doly toplumyň: adeniniň, guaniniň, sitoziniň, timiniň we urasiliň bardygyny tassyklamak mümkin boldy.

Seljeriş işini geçirmek üçin barlagçylar organiki maddalary çykarmak maksady bilen suwy we konsentrirlenen duz turşusyny ulandylar, soňra bolsa ýokary takyklykly ölçeg usullaryny ulandylar.

Nusgalarda aminokislotalar, moçewina we beýleki organiki birleşmeler hem tapyldy. Beýleki asman jisimleri bilen deňeşdirmeler bu maddalaryň Ýerde emele gelmändigini görkezdi.

Bu barlagyň has jikme-jik netijelerini Nature Astronomy žurnalyndan tapyp bolar.


17.06.2026 11:37
4.6k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.9k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......