Şazada Garri bilen Megan Markl polo oýny we ýokary gatlagyň durmuşy barada film çykarar

  • 06.04.2026 10:50
  • 2.4k+

Şazada Garri we Megan Markl Netflix platformasy üçin ýokary gatlagyň durmuşy hem-de polo oýny barada çeper film dörederler. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Filmde gündelik durmuşda we sport meýdançasynda biri-biri bilen bäsleşýän iki sany bäsdeş maşgala barada gürrüň berilýär. Wakalar Floridadaky atçylyk şäheri Wellingtonda bolup geçýär.

Taslama bilen gersog we gersoginiýa Sasseksliler tarapyndan esaslandyrylan Archewell Productions kompaniýasy, şeýle-de Joş Şwarsyň we Stefani Sewijiň Fake Empire studiýasy meşgullanar. Edebi esasyny ozal «Çaý bulgury» («Чайная чашка») serialynda işlän Fransiska Hu ýazar. Ol Garri, Megan, Şwars we Sewij bilen bilelikde ýerine ýetiriji prodýuseriň işini-de edýär. 

Çaklamalara görä, filmi döretmek pikiri Garri bilen Meganyň ABŞ-nyň açyk çempionatynyň gatnaşyjylaryna bagyşlap taýýarlan «Polo» atly dokumental serialynyň üstünde işleýän wagty ýüze çykypdyr. Olar Netflix üçin beýleki taslamalaryň, şol sanda Žasmin Gilloriniň kitaby esasynda «Toý sähedi» («Свадебная дата») we Karli Forçunyň «Kölüň boýunda duşuşarys» («Встретимся у озера») atly romanyny ekranlaşdyrylmagyň üstünde hem işleýärler.

Ozal Netflix Megan Marklyň As Ever brendi bilen hyzmatdaşlygy bes edipdi. Häzirki wagtda Megan öý harytlary bilen bagly şahsy biznesini ösdürýär.


düýn 23:54
361

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....