Nature Photography Contest bäsleşiginiň ýeňijileri tebigatyň näzikligini suratda beýan etdiler

  • 05.04.2026 04:57
  • 5.5k+

"Nature Photography Contest" bäsleşiginiň eminler topary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan edip, tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürledi.

Baş baýraga kanadaly fotosuratçy Tomas Wijaýan mynasyp boldy. Oňa çapylan tokaýyň ýerindäki agaçlaryň galyndylaryndan tutup duran orangutanyň suraty ýeňiş getirdi. Bir wagtlar bu ýer onuň öýüdi. Bu surat tokaýlaryň çapylmagynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýitirilmeginiň netijelerini görkezýär.

Bäsleşigiň absolýut ýeňijisiniň suraty / © Thomas Vijayan

"Ýylyň fotosuratçysy" diýen at ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndan Anjela J. Sançese berildi. Eminler topary onuň işleriniň dürlüligini, özboluşly stilini we surata düşürilýän obýektlere bolan ünsli hem-de duýgur çemeleşmesini bellediler.

«Ýylyň fotosuratçysynyň» portfoliosyndan / © Angela J. Sanchez

Dürli kategoriýalar boýunça finala çykan fotosuratçylaryň işleri olaryň ýokary ussatlyk derejesini we tebigy dünýäniň baýlygyny açyp görkezýär.

«Ýabany tebigat» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Janet Gustin

«Makrosurat» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Basu Mallick

«Suwasty dünýä» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Remuna Beca

«Guşlar» kategoriýasynyň ýeňijisi / © James Welch

«Ösümlik dünýäsi» kategoriýasynyň ýeňijisi, Pinus jeffreyi agajy / © Miguel José Avalos González

«Gijeki dünýä» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Peter Hergesheimer

«Gülkünç tebigat» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Panagiotis Xaxiris

«Daşky gurşawa täsir» kategoriýasynyň ýeňijisi / © Wiktoria West

 Saýlanan ähli suratlar bäsleşigiň resmi saýtyndaky galereýada elýeterlidir.


düýn 12:39
4.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 10:16
5.2k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 17:05
7.9k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......