"Teýmirleň" atly taryhy film bütin dünýäde görkezildi

  • 04.04.2026 22:34
  • 17k+

"Teýmirleň" taryhy filmi bütin dünýäde görkezildi: 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinden bäri film 30-dan gowrak ýurtda görkezilýär. Taslama Amerikanyň Mystery Box, Özbegistanyň 7SABER we Gazagystanyň BWG Production kompaniýalary tarapyndan bilelikde döredildi.

 

Filmiň görkezilişi Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gabatlandy. Daşkentde bu waka uly dabara bilen, Özbegistanyň Ýaragly Güýçleriniň ministrlikleriniň we edaralarynyň harby bölümleriniň ýörişi bilen bellendi.

Filmiň paýlaýyş hukuklary GDA-dan Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogara, Afrika we Latyn Amerikasyna çenli 120-den gowrak ýurda we sebitlere satyldy. Esasy bazarlarda paýlaýyş işlerini Signature Entertainment (Beýik Britaniýa), Perspectives Entertainment (Fransiýa), Youplanet (Ispaniýa), Neo Glow (Hytaý), Pflug (Ýaponiýa), Lumix Media (Günorta Koreýa) we başga-da onlarça kompaniýalar amala aşyrýar.

Döredijileriň baha bermegine görä, filmiň mümkin bolan tomaşaçylary 250 milliondan geçýär.

Film ABŞ-da 14-nji aprelde Well Go USA Entertainment arkaly sanly görnüşde elýeterli bolar, iýun aýynda bolsa fiziki maglumat göterijilerde çykar.

Film harby serkerde Teýmirleň barada gürrüň berýär. Taslamany döretmek baradaky ideýa 20 ýyl mundan ozal režissýor Jeýkob Şwarsda döräpdir. Metýu Griniň ssenarisi XIV asyryň wakalaryna esaslanýar we önümçilikde özbegistanly bilermenler bilen maslahatlaşylyp alnan taryhy resminamalar ulanyldy.

Filmiň surata düşüriliş işleri Hywada, Toprak-Gala şäherçesinde we Gazagystanyň çöllerinde geçirildi. Her gün işe 530 töweregi adam gatnaşdy, söweş sahnalaryna 800-e çenli adam gatnaşdy. Filmiň býujeti takmynan 30 million dollara barabar diýlip çaklanylýar.

Baş keşbi britaniýaly aktýor Kristian Mortensen ýerine ýetirdi, ol hem prodýuserlik etdi, hem ähli kaskadýorçylyk hereketlerini özi ýerine ýetirdi.

"Meniň pikirimçe, biz filmi taryhy taýdan mümkin boldugyça takyk etmek üçin elimizden gelenini etdik, şol bir wagtyň özünde özboluşly bir hekaýaty gürrüň bermäge synanyşdyk" - diýip, režissýor Jeýkob Şwars aýtdy.

Awtorlaryň pikirine görä, film "Gladiator", "Batyr ýürek" we "Iň soňky samuraý" ýaly iri göwrümli taryhy eposlaryň arasynda öz ornuny tapar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....