TDBSI-de sport we sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 05.04.2026 19:39
  • 1.3k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu çäre Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy.

Maslahatyň dowamynda sport diplomatiýasyny ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, şeýle hem bedenterbiýäniň saglygy berkitmekdäki orny ýaly meseleler maslahatlaşyldy. Onuň çäklerinde ýurduň sportda gazanan üstünliklerini, şeýle hem institutyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň we ylmy gurnaklaryň alyp barýan işlerini görkezýän sergi guraldy.

Çärä Özbegistan, Türkiýe, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Rumyniýa, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Ermenistan ýaly döwletlerden hünärmenler gatnaşdy.

Gatnaşyjylar sportuň halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we ynamy berkitmekde möhüm orun tutýandygyny, şeýle hem parahatçylygy durnuklaşdyrmaga ýardam edýändigini belledi. Sport ylmynyň ösdürilmeginiň ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň durnukly kadalaryny kemala getirmäge kömek edýändigi nygtaldy. Şeýle hem milli sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin sportuň mümkinçiliklerini ulanmagyň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Kembrij uniwersitetiniň wekili Stiw King bilim maksatnamalarynda fiziki işjeňligiň möhümdigine ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, okuw sapatlarynyň bedenterbiýe maşklary bilen utgaşdyrylmagy ýumuşlary, aýratyn-da takyk dersleri has gowy özleşdirmäge kömek edýär we okuwçylaryň özüni alyp barşyna oňyn täsir edýär.

Hytaýyň Çengdu sport uniwersitetiniň mugallymy Heitor Walente futbolyň mysalynda türgenleri taýýarlamagyň elýeterli usullary barada gürrüň berdi. Russiýanyň Halkara Olimpiýa uniwersitetiniň wekili Lew Gutman sport desgalaryny netijeli dolandyrmagyň ähmiýetini nygtady.

Maslahatyň işi sport pedagogikasyndaky amaly tejribeler, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, şeýle hem emeli aňy we innowasion tehnologiýalary ulanmak barada maslahatlaşylan bölümlerde dowam etdi.

Bu çäre birnäçe sport we medeni wakalaryň utgaşmagynda geçdi. Institutda talyplaryň arasynda fijital-futzal, fijital-basketbol, fijital-stol tennisi we fijital-küşt boýunça ýaryşlar hem guraldy.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....