Ini bary-ýogy 63 sm: Peruda dünýäniň iň dar öýi guruldy

  • 01.04.2026 16:59
  • 8.9k+

Peruwyň Aukalýama şäherinde dünýäniň iň dar öýi peýda boldy. Oddity Central neşiriniň habar bermegine görä, bu täsin binanyň ini bary-ýogy 63 santimetre barabardyr.

Bu öýi ýerli ýaşaýjy Fabio Moreno gurdy. Binanyň ölçegleriniň örän kiçidigine garamazdan, onuň içinde ýaşamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Öýüň içinde aşhana we naharhana, ýatylýan we iş otag, hammam we kir ýuwulýan ýer bar.

Öý iki gatdan ybarat bolup, gatlar özara basgançaklar arkaly birleşdirilýär. Emma içeriniň giňişliginiň çäklidigi sebäpli, onuň içinde bir wagtyň özünde ýekeje adam bolup bilýär.

Häzirki wagtda bu bina islendik kişi üçin açykdyr. Fabio Moreno öz emelini Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek üçin eýýäm resmi arza tabşyrdy. Ol bu binanyň dünýäniň iň dar öýi hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegine garaşýar.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......