Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalarynyň iş düzgünleri tassyklanyldy

  • 04.04.2026 23:32
  • 14k+

Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalaryny guramagyň we peýdalanmagyň düzgünleri tassyklanyldy. Resminama güýje girdi we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Bu düzgünler Aşgabat şäheriniň häkiminiň 2026-njy ýylyň 2-nji martyndaky 171 belgili karary bilen berkidildi we 27-nji martda Adalat ministrligi tarapyndan 1936 belgisi bilen hasaba alyndy.

Bellenilen düzgünleriň esasynda jemagat awtoduralgalaryny döretmegiň maksady ýol hereketleriniň dyknyşyklaryny azaltmaga, şäher giňişligini netijeli ulanmaga we awtoulaglaryň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilendir. Düzgünler ulaglaryň ähli görnüşlerine, şol sanda elektromobillere hem degişlidir.

Resminama awtoduralga ýerlerine bildirilýän talaplary belleýär. Ýeňil awtoulaglar üçin azyndan 2,5 x 5 metr, ýük ulaglary üçin bolsa azyndan 3,0 x 7,0 metr bolan ýerler göz öňünde tutulýar. Awtoduralgalarda awtoulag ýerleriniň umumy sanynyň 10%-ine çenli ýerler maýyplygy bolan adamlar üçin bölünip berilýär we ýörite bellikler bilen bellenilýär. Hatarlaryň arasyndaky aralyk 7 metrden az bolmaly däl, awtoduralgalaryň çäginde hereket tizligi bolsa sagatda 5–10 km bilen çäklendirilýär.

Sürüji awtoduralga girende tassyklaýjy resminamany — duralga kartyny, talony ýa-da çek almalydyr. Awtoduralgalar her gün işleýär, emma awtoduralganyň eýesiniň azyndan üç iş güni öňünden duýdurmak bilen, duralganyň işini wagtlaýyn togtatmaga hukugy bardyr. Duralgalaryň çäginde awtoulagyň hereketlendirijisini işleýän ýagdaýda goýmak, şeýle hem ulaglary bejermek we olara tehniki taýdan hyzmat etmek gadagandyr.

Raýatlaryň birnäçe derejeleri, şol sanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, radiasiýa heläkçiliginden ejir çekenler, I we II topar maýyplygy bolan adamlar, maýyplygy bolan çaganyň ene-atalary we kanuny wekilleri üçin awtoduralgadan mugt peýdalanmak mümkinçiligi berilýär. Şeýle hem ýolagçylary mündürmek ýa-da düşürmek, ýükleri ýüklemek ýa-da düşürmek üçin 15 minutdan köp bolmadyk möhletde saklanmak tölegsizdir.

Awtoduralgadan peýdalanmak üçin tölegiň möçberi ulagyň gabarasyna, eýeleýän çägine we awtoduralgadan peýdalanmagyň wagtynyň dowamlylygyna baglydyr. Tölegi nagt we nagt däl görnüşde amala aşyryp bolýar, nyrhlar bolsa awtoduralgalaryň eýeleri ýa-da dolandyryjylary tarapyndan bellenilýär.


düýn 20:34
854

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......