Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergi dowam edýär

  • 04.04.2026 07:35
  • 4.8k+

Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 100-e golaý kärhanasy gatnaşýar.

Sergi işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge we ýerli telekeçiligiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Çäräniň çäklerinde Türkiýäniň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, BAE-niň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň önümleri hem-de hyzmatlary hödürlenildi.

Gatnaşyjylar elektrik enjamlary, gurluşyk materiallaryny, senagat önümlerini, suw arassalaýyş ulgamlaryny, şäher infrastrukturasy üçin çözgütleri, şeýle hem ulag we logistika hyzmatlaryny görkezýär.

Açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda ykdysadyýeti ösdürmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilýär.

Şeýle hem sergi gelýän myhmanlary dürli pudaklarda zähmet çekýän türkmen telekeçileriniň önümleri bilen tanyşdyrýar.

Köpugurly sergi 4-nji aprelde öz işini tamamlar.


düýn 20:34
854

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.3k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......