Leýpsigde ýumurtga gabygyna çekilen 8 müň sany şedewr eser görkezildi

  • 06.04.2026 10:38
  • 2.9k+

Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilen «Leipzig Eierlei» festiwalynda adaty pasha nyşany bolan ýumurtga hakyky sungat eserine öwrüldi. Ýewropanyň dürli künjeklerinden gelen suratkeşler kendir deregine örän näzik ýumurtga gabygynyň üsti bilen öz zehinlerini görkezdiler.

Euronews habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bu ýylky sergä Germaniýadan, Polşadan, Belgiýadan, Çehiýadan we Beýik Britaniýadan 29 sany öz käriniň ussatlary gatnaşdy. Olar sergä jemi 8 müňe golaý eksponat getirdiler.

Suratkeşler öz ukyplaryny görkezmek üçin diňe bir towuk ýumurtgasyny däl, eýsem bedene, gaz, düýeguş, hatda totyguşlaryň kiçijik ýumurtgalaryny hem ulandylar. Sergä gelenlere takyk çyzyklara we simmetriýa esaslanýan dizaýnly, mum we boýag arkaly döredilýän gadymy ukrain nagyşlary, sebit we milli däp-dessurlary şöhlelendirýän sorb haşamlama nusgalary görkezildi.

«Ýumurtgalar dürli boýagly gaplarda reňklenilýär. Mumuň kömegi bilen belli bir tapgyrda reňklenmeli däl ýerler ýapylýar. Iň soňunda mum gyzdyrylyp aýrylýar we eser taýýar bolýar» diýip, nakgaş Agnes Martininçe inçe işiň syryny düşündirýär.

Milli nagyşlardan başga-da, sergide täzeçil äheňli işler hem görkezildi. Mysal üçin, ýumurtga gabygyndan ýasalan telefona meňzeş şekiller ýa-da asman jisimlerine çalym edýän, kiçijik globus kybap «asman ýumurtgalary» tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.

Bu täsin festiwal indiki ýyl özüniň ýubileý – 30-njy sergisini 2027-nji ýylyň 6-7-nji martynda geçirmegi meýilleşdirýär.


şu gün 08:03
1.8k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

düýn 10:04
6.5k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

düýn 10:00
3.2k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.2k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......