Unudaganlyk – aňyň ösendiginden alamat

  • 06.04.2026 00:06
  • 7.7k+

Käwagt açarymyzy nirede goýanymyzy ýa-da düýn agşam näme iýenimizi ýatdan çykarmak, köpimizde bolýan ýagdaý. Biz şeýle halatlarda aňymyzdan nägile bolup, özümizi tas kemakyllylykda aýyplamakdan hem gaýdamzok. Emma kanadaly alymlaryň pikiriçe, bu biziň huşumyzyň pesdigini däl-de, gaýta beýnimiziň örän netijeli işleýändigini görkezýär. Bu boýunça geçirilen gyzykly barlag hakynda Neuron žurnalynda okamak mümkin.

Barlagda beýniniň käbir zatlary unutmak prosesiniň, aslynda «arassalaýyş» işleridigi aýdylýar. Hamana diýersiň, beýnimiz edil kompýuter ýa-da telefon ýaly. Ol köne we peýdasyz maglumatlary «öçürip», täze we möhüm maglumatlar üçin ýer açýar. Bu bolsa bize has çalt we dogry karar bermäge kömek edýär.

Hemme zady jikme-jik ýatda saklamak zerurmy beri? Alymlar munuň hökman zat däldigini meşhur psiholog A.R.Luriýanyň bir hassasyny mysal getirmek arkaly düşündirýärler. Gürrüňi edilýän hassa her bir ownujak zady-da ýatda saklamagy başarypdyr. Ýöne güýçli ýatkeşliginiň beýnisine ownujak zatlary hyryn-dykyn ýüklemegi sebäpli,  olary baglanyşdyryp, umumy bir many çykarmakda  örän kösenipdir.

Durmuş hemişe üýtgäp durýar. Köne we gerek däl zatlary unudyp bilmek, beýniniň täze şertlere has aňsat uýgunlaşmagyna kömek edýär. Şeýle-de alymlar adaty unudaganlyk endigini huşsuzlyk ýaly hakyky kesel bilen gatyşdyrmaly däldigini ýatladýarlar.

Aýdaly, günde bolup bilýän ownuk zatlary, mysal üçin, bir gören tanşyň  adyny ýa-da haýsydyr bir harydyň bahasyny ýatdan çykarmak–bu kadaly ýagdaý.

Eger adam öňden tanyş ýerlerinde azaşyp başlasa ýa-da adaty, ýyllarboýy ulanyp ýören zatlaryny nähili ulanmalydygyny ýatdan çykarsa,  bu howply ýagdaýdyr we onda hökman lukmana ýüz tutmaly.

Gysgaça aýdylanda, ownuk-uşak, gerekmejek zatlary ýatdan çykarsaňyz, gynanmaň! Diýmek, beýniňiz has möhüm zatlary ýatda saklamak üçin özüne arassa «meýdança» döredýär. 


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:27
3.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......