13k+

Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar...

4.5k+

Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär...

1.3k+

Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär...

1.7k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy...

8.5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumynyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatynyň Wellington şäherinde ýerleşýän «La Victoria» atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny, athanalary, türgenleşik meýdançalaryny we çüwdürimli köli hem-de beýleki ugurdaş desgalary özünde jemleýär...

1.2k+

Türkmenistanyň we Zimbabweniň DIM-leri Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirdi

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurda gelen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindi bilen duşuşygy geçirildi...

4.5k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy

Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy...

3.6k+

Balkanabatda «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda «Brain-ring» atly intellektual bäsleşik geçirildi. Ol üç tapgyrdan ybarat boldy. Çäräni Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi we «Kämil bilim» merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy bilelikde gurady...

9.2k+

Türkmenistan bilen Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Parlamentiň binasynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi...