Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler

  • 28.02.2026 10:54
  • 4.5k+

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Bellenişi ýaly, degişli çäreler Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda geçiriler. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly tematiki çäre geçiriler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly sergi açylar.

Baýramçylyk günleriniň maksatnamasynda şeýle hem degişli bäsleşikleriň jemini jemlemek, teatrlarda sahna oýunlaryny, ýurdumyzda düşürilen kinofilmleriň görkezilişini we baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi we Halk Maslahatynyň Başlygynyň käbesi Ogulabat Berdimuhamedowa 1971-nji ýylda özüniň işläp bejeren kürtesini Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat beripdi

Iki ýyldan soň, muzeýiň gymmatlyklarynyň üsti Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalary we olary taýýarlamak üçin ulanan guraly bilen ýetirildi. Ogulabat eje öz ömrüni çagalary terbiýelemäge hem-de nesilden-nesle geçip gelýän el hünäri däplerini gorap saklamaga bagyşlapdy.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......