Balkanabatda «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi

  • 24.02.2026 16:27
  • 3.6k+

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda «Brain-ring» atly intellektual bäsleşik geçirildi. Ol üç tapgyrdan ybarat boldy.
Çäräni Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi we «Kämil bilim» merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy bilelikde gurady.

Bäsleşige jemi 25 topar gatnaşdy. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary, şeýle hem şäheriň umumybilim berýän mekdepleriniň 10–12-nji synp okuwçylary bar.
Fewral aýynda geçirilen saýlama tapgyry test görnüşinde guraldy. Onuň netijeleri boýunça toparlar finala çykmak ugrunda bäsleşigi dowam etdirdi. Jemleýji tapgyrda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary bilen Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary duşuşdy.
Eminler toparynyň netijelerine görä:

  • I orny — Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary;
  • II orny — Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary;
  • III orny — Balkanabat şäheriniň 12-nji we 6-njy orta mekdepleriniň toparlary eýeledi.

Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......