Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumynyň işi bilen tanyşdy

  • 24.02.2026 18:44
  • 8.5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatynyň Wellington şäherinde ýerleşýän «La Victoria» atçylyk toplumyna bardy.
Bu toplum işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny, athanalary, türgenleşik meýdançalaryny we çüwdürimli köli hem-de beýleki ugurdaş desgalary özünde jemleýär. Merkeziň çäginde üsti ýapyk manež, at esbaplaryny saklamak üçin jaýlar we haýwanlary suwa ýakmak üçin açyk zolak hereket edýär. «La Victoria» toplumynda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, birnäçe aýlap dowam edýän konkur boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar.


Gurbanguly Berdimuhamedow atlaryň sany we tohumlary bilen tanyşdy, olary saklamagyň usullaryny we degişli hünärmenleriň iş tertibini öwrendi. Şeýle-de, atlary professional ýaryşlara taýýarlamak işlerine aýratyn üns berildi.
Taraplar türkmen we amerikan atşynaslarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça toplumyň wekilleriniň teklipleriniň öwreniljekdigini belledi. Ol bu pudakdaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......